Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligindäki ornuny berkidendigi onuň adam hukuklaryny goramak ulgamynda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm çözgütler arkaly aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet syýasatynda adam hukuklary we azatlyklary ilatyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň we abadançylygynyň möhüm binýadydyr. Türkmenistan halkara standartlaryna laýyklykda jemgyýetçilik ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. 1948-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Adam hukuklary barada Jarnamasy häzirki döwrüň iň möhüm halkara hukuk sütünleriniň biri bolup durýar. Jarnamanyň talaplaryny milli derejede ornaşdyrmak üçin Türkmenistanda giň gerimli kanunçylyk özgertmeleri amala aşyrylýar. Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn giňelýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ÝHHG, Ýewropa Bileleşiginiň institutlary hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň netijesinde adam hukuklary boýunça milli mümkinçilikler giňeýär. Halkara ülňülerine laýyklykda milli Maksatnamalaryň tassyklanylmagy, jemgyýetiň dürli gatlaklaryny içine alýan okuwlar, maslahatlar we wagyz-nesihat çäreleri Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmekde açyk we jogapkärli döwletdigini görkezýär.
Umuman, döwrebap hukuk ulgamynyň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we döwlet syýasatynyň öňde baryjy ugurlarynyň biri hökmünde adam hukuklarynyň öňe sürülmegi — Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we ösüş ýolunda ynamly ädimler bilen öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.












