ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy işjeň häsiýete mahsus boldy.

Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilige, sungata bolan söýgüsini artdyrmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara we oňa işjeň gatnaşanlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we onuň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, olaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän, bu ugurda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Oguljahan HAÝYDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar