Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde möhüm çäreler üstünlikli geçirilýär. Şolaryň biri hem Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen serginiň Balkanabat şäherinde ýokary derejede geçirilmegidir. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.
Serginiň esasy maksady — Gülüstan welaýatynda öndürilýän harytlary, tehnologiýalary we hyzmatlary türkmen işewür toparlaryna hem-de jemgyýetçilige giňden tanatmakdyr. Sergide oba hojalygy hem-de azyk önümleri, gurluşyk serişdeleri, dokma önümleri, dürli senagat enjamlary we häzirki zaman tehnologik çözgütler giňden görkezildi. Bu mümkinçilikler iki ýurduň telekeçileriniň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny döretmäge, eksport-import gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam edýär.
Balkanabatda geçirilen serginiň ýokary guramaçylyk derejesi, döredilen milli gurşaw we myhmansöýerlik gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Gülüstan welaýatynyň eksport kuwwatynyň Türkmenistanda giňden tanadylmagy söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna, bilelikdäki taslamalaryň ýola goýulmagyna hem-de işewür gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň döremegine giň ýol açýar. Şeýle halkara çäreler goňşy ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary berkidip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Balkanabat şäherinde geçirilen bu sergi Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna giň ýol açýandygyny görkezýän möhüm wakalaryň biridir.
Garaja HAJYBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.












