Ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň çäginde, mekdebiň ähli talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda bag ekmek dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzda bag ekmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek uly borç hasaplanylýar. Bag ekişlik dabarasyna gatnaşanlar öz işleriniň dowamynda bag nahallaryna ideg edip, ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler. Pederlerimiziň “Bag — ekmek ömre dowamat”, “Bag — ekmek uly sogap” ýaly ynsanperwer pähimlerinden, sargytlaryndan ugur alyp, Diýarymyzda zähmetsöýer kämil şahsyýetler kemala gelýär. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary daşky gurşawy goramakda wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde al-ýaşyla bürenip oturan arçalarymyz, dürli reňkdäki bägüllerimiz gözel Diýarymyza has-da öwüşgin çaýyp, görküne görk goşýar, adamyň ruhuny galkyndyrýar. Eziz Watanymyzy, gözel tebigatymyzy arassa saklamak ynsan saglygy üçin hem örän möhümdir.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Mekan ANNAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.












