TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilip, şondan bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Guramanyň açylan ilkinji gününden bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.

Ata Watanymyz taryhy nukdaýnazardan gysga döwürde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda belent sepgitleriň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Bu şöhratly ýolda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň hem mynasyp paýy bar. Ýaşlar guramasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, geljegimiz bolan ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeleri gazanmagyna saldamly goşandyny goşýar.

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2025 | 25 okalan

ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

18 Noýabr 2025 | 18 okalan

TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI

17 Noýabr 2025 | 57 okalan

ÝAŞLAR – DÖWLETIMIZIŇ GÜÝJÜDIR