Ösüşlere beslenýän Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda binýady berkden tutulan gözel Diýarymyzyň, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen birnäçe binalar açylyp ulanylmaga berilýär.
Ýakynda iki halkyň döwlet baştutanlarynyň ak pata bermeginde, Daşoguz welaýatynyň çäginde täze gurlan “Şabat” türkmen—özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi gadymdan gelýän türkmen—özbek dostlugynyň aýdyň nyşany boldy.
Dabara iki döwletiň ýaşlary hem-de ýaşuly nesilleri gatnaşdylar. Daşoguz welaýatynyň çäginde açylan “Şabat” türkmen—özbek serhetýaka söwda merkezi söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge giň mümkinçilik berer. Bu söwda merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan döwletiniň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurmagy mynasybetli iki döwletiň halklarynyň gatnaşmagynda toý sadakasy berildi.
Dabara gatnaşanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.











