14-nji noýabrda «Iş Nokady» kowerking merkezinde BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde «Türkmentel – 2025» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde 2025-nji ýyl üçin Halkara startaplar forumynyň ikinji güni geçirildi.
Günüň maksatnamasy zehinli türkmen ýaşlary tarapyndan işlenip düzülen we hödürlenen 20-den gowrak taslamany öz içine alýan startap sergisi bilen başlandy. Häzirki zaman adamyň ýaşaýyş durmuşyna rahat, şeýle hem amatly şertleri döredýän köp sanly täsirli taslamalar hödürlendi.
Çäräniň resmi bölegini BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomitsa Paowiç açdy. Ol öz çykyşynda forumyň sanly tehnologiýalar dünýäsini ara alyp maslahatlaşmakdan has öňe gidýändigini, ýagny dürli pikirleriň, garaýyşlaryň we tejribeleriň baýramydygyny nygtady.
«Biz bilelikde Merkezi Aziýada durnukly, özgertmelere ukyply bolan dinamiki we inklýuziw startap ekoulgamynyň binýadyny döredýäris. Hödürlenen innowasion çözgütler hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we sebitiň sanly giňişliginde manyly üýtgeşmeleri gazanmak mümkinçiligine eýedir» diýip, jenap Paowiç belledi.
Soňra bilermenler we gatnaşyjylar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara maslahatçysy Bagrat Ýengibarýanyň alyp baran panel duşuşygynda Merkezi Aziýanyň startap ekoulgamyny ösdürmekde sebitleýin hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada pikir alyşdylar. Duşuşyga sebitiň ýokary tehnologiki parklaryň we innowasiýa merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Günüň esasy wakasy hökmünde startaplaryň pitç-sessiýasy geçirildi. Onda Türkmenistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen startap toparlary öz pikirlerini hödürlediler. Olara sebit hünärmenlerinden ybarat bolan emin agzalar topary – maýa goýum menejerleri, startap esaslandyryjylary we işewürligi ösdürmek boýunça hünärmenler baha berdiler.
Emin agzalaryň bahasyna görä, iki iň gyzykly işiň awtorlary şahadatnamalar we baýraklar bilen sylaglanyldy. «Iň gowy innowasion çözgüt» kategoriýasynda Bişkek (Gyrgyzystan) şäherinden «ArtSkin» startap kompaniýasy ýeňiji bolup, bu startap protezler üçin emeli deri taýýarlaýar. «Iň gowy tanyşdyryş» kategoriýasynda ýeňijisi bolsa Aşgabadyň (Türkmenistan) «Hazyna Stock» startapy – onuň esaslandyryjysy Baýnazar Muhammedow tarapyndan döredilen sanly media platformasy boldy.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan netijeler barada teswir berip, beýleki köp ýurtlar ýaly, Türkmenistanda hem zehinli ýaşlaryň bardygyny nygtady. Häzirki wagtda IT pudagy çalt depginde ösýän mahaly, ýaşlara inwestirleme, olaryň ösüşi üçin giň mümkinçilikleri berýändigini belledi.
– 2025-nji ýylyň Halkara startaplar forumy Türkmenistanyň ýokary telekeçilik mümkinçiliklerini we onuň sanly ykdysadyýetde ösýän ornuny aýdyň görkezdi. Ol innowasiýalaryň inklýuziw ykdysady ösüşi höweslendirmäge, sanly transformasiýany çaltlaşdyrmaga we ýurduň hem-de sebitiň ýaşlary üçin täze mümkinçilikler döretmäge ukyplydygyny görkezýär – diýip, «Sanly Çözgüt IT meýdança» IT-parkyň direktory Ýagmyrguly Garowow nygtady.
turkmenistan.gov.tm











