MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

Her bir halkyň taryhy şol halkyň döreden ruhy hazynasynda — medeni mirasynda öz beýanyny tapýar. Medeni miras diňe bir geçmişden galan ýadygärlik däl, eýsem halkyň aňynyň, döredijilik zehininiň we ýörelgeleriniň jemidir. Şeýle gymmatlyklar halkyň özboluşlylygyny saklamagyň, ony tanatmagyň iň ynamdar nyşanydyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gelýän baý mirasy bar: dutaryň owazy, bagşyçylyk sungaty, Görogly we Gorkut ata ýaly edebi miras, beýik şahyrlaryň pähim-paýhasly sözleri, dünýä nusgalyk nepis halylar, gadymy şäherler we taryhy ýadygärlikler… Bularyň her biri diňe bir geçmişiň hatyrasy däl — olar häzirki we geljekki nesillere paýhas, öwüt-ündew hem-de döredijilik ylhamy berýär.

Medeni mirasyň gymmaty — onuň nesilden nesle geçmeginiň dowamlylygyndadyr. Eger halk öz geçmişini bilse, ony hormatlasa, mirasyny gorap saklasa, onuň geljegi güýçli bolýar. Şonuň üçin ata-babalarymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak biziň hem borjumyzdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda taryhy-medeni gymmatlyklary dikeltmek, muzeýleri döwrebaplaşdyrmak, gadymy şäherleri öwrenmek we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda medeni mirasy dünýä tanatmak boýunça giň işler alnyp barylýar. Bu bolsa türkmen halkynyň medeniýetiniň dünýä derejesinde ykrar edilmegine ýardam berýär.

Medeni mirasyň dowamlylygyny üpjün edýän iň möhüm güýç bolsa ýaş nesildir. Özüniň taryhyny, däp-dessuryny, halk döredijiligini bilýän ýaşlar milli buýsançly, watansöýüji hem-de ruhy taýdan berk şahsyýetler bolup ýetişýärler. Olar geçmişdäki gymmatlyklary häzirki zaman bilen utgaşdyryp, täze mazmun bilen baýlaşdyrýarlar. Haly sungatynyň inçe nagyşlaryny, dutaryň owazynyň ruhy güýjüni, gadymy ýadygärlikleriň taryhyny[ beýikligini, halk döredijiliginiň pähim-paýhasyny öwrenen ýaşlar döredijilikli, jogapkärli we jemgyýete peýdaly nesil bolup kemala gelýärler. Medeni miras halkyň geçmişi bilen şu gününi baglanyşdyrýan hem-de geljege ýol görkezýän bahasyz gymmatlykdyr. Onuň mukaddesligini saklamak, täze nesillere ýetirmek we ösdürmek bolsa her birimiziň halkymyzyň öňündäki jogapkärçiligimizdir.

Garaja HAJYBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 27 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 23 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 106 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)