GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMEN MEDENIÝETI» ATLY KITABYNDAN

GÜLLI KEÇE – AK ÖÝÜŇ GÖRK – ZYNATY

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr.Ylmy taslamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr.Muny Goňurdepe köşgüniň ybadathana toplumyndan ýüze çykarylan keçäniň bölekleri hem doly tassyklaýar.Bu ýerde tapylan ak keçe köşgüň tutuş ybadathana toplumynyň düşegi hökmünde ulanylypdyr.

Altaýdaky Pazyryk depesinden keçe bölekleriniň ýüze çykarylmagy hem bu täsin önümiň müňlerçe ýyllara uzaýan ýaşynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Taryhy-etnografik maglumatlar keçäniň diňe bir düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan öý goşlary, hojalyk enjamlarynyň örtgüsi, ýagyşdan, sowukdan goranmak üçin ýapynja, başgaplaryň we beýleki milli egin-eşikleriň dürli görnüşleriniň taýýarlanylýandygyny habar berýär.

Keçäniň gülli we gülsiz görnüşlerinden taýýarlanylýan «düşeklik», «ojakbaşy», «namazlyk», «dolak», bedew atlara niýetlenen «basyrga», «atkeçe», «jul», «düýehalyk», «köşekhalyk», çopanlar üçin ýapynja – don hökmünde «oýluk» we ş.m. görnüşleri türkmenleriň gündelik durmuşynda has-da giňden ýaýrandyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmenlerde öýlenýän  ýigidiň ene-atasy ýaş juwanlar üçin ýörite ak öý gurup berýär. Öýüň täriminiň iç ýüzi ak, daşy bolsa çal keçeler bilen örtülýär. Şeýle keçeler «durluk» diýlip atlandyrylýar.

Adatça, öýüň törüne düşemek üçin niýetlenen keçe owadan güller bilen nagyşlanýar. Şeýle keçäniň merkezindäki güle çenli hatarlap nagyş ýerleşdirilen «ikigyra», «dörtgyra», «altygyra» ýaly görnüşleri has giň ýaýrandyr. Ikitaraplaýyn nagyşlanan «goşmakeçeler» hem meşhurdyr. Gül salynmadyk, ýagny nagşy bolmadyk bir reňkdäki keçe bolsa «bozkeçe» ýa-da «düz» diýlip atlandyrylýar.

Türkmen keçesi müňýyllyklaryň dowamynda atalarymyzyň ruhy dünýäsinde hem-de halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr we şindem çaga sallançagyna kilim, keçe ýa-da haly düşemek dowam edip gelýär.Gadymy ynanja görä, keçe bela-beterleri, erbet garaýyşlary özüne siňdirýärmiş, gözden-dilden goraýarmyş.

Halkyň ruhy dünýäsinde ak reňkli keçe aýratyn tapawutlandyrylyp, adatça, ol maşgalanyň ýaşulusy-nesilbaşysy üçin düşekçe hökmünde ýörite basylýar. Gadymy ynançlara görä, ak keçe maşgala-ojaklara bagtyýarlyk, agzybirlik, rowaçlyk getirýärmiş.

Oguz dessuryna görä, hökümdarlara ak keçäniň üstünde häkimlik täjini geýdiripdirler.Onuň oturjak tyllaýy şuglaly şa tagtynyň astynda ak keçe düşäpdirler.Şa bedewine ak keçeden köýnekçe tikip geýdiripdirler. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde özüniň dessur ähmiýetini ak reňkli ýüňden namazlyk hökmünde taýýarlanylýan keçä beripdir. Şeýle arzyly düşek «Pygamber keçe» diýip atlandyrylýar. Pygamber ýaş toýunda ýaşululary ak keçäniň üstünde hormat bilen oturdyp:«Bize-de nesip etsin!» diýip ýüzüne sylýarlar.Munuň özi türkmen durmuşynda keçäniň ähmiýetiniň we oňa bolan ruhy garaýşyň örän çuň pelsepeden gaýdýandygyny habar berýär.

Öňki makala

TÜRKMEN HALYSY

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 57 okalan

TÜRKMEN HALYSY

10 Sentýabr 2025 | 82 okalan

MIZEMEZ MILLI MIRASYMYZ