MUHAMMET ALYNYŇ «OGUZNAMASY»

Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda uzak asyrlaryň dowamynda döredilen «Oguznamalara» ýokary baha berip, şeýle ýazýar: «Türkmen edebiýatynyň, taryhynyň, medeniýetiniň nusgasy bolan «Oguznamalar» dünýäniň dürli şäherlerinde saklanýan, şöhratly geçmişimiziň çawy jahana aýlanan gymmatly ýadygärligidir diýip buýsançly aýdasym gelýär».

Şeýle eserleriň biri XVI asyrda ýaşan türkmen alymy Muhammet Alynyň Sankt-Peterburgyň Döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň kitaphanasynda 121/58 belgili bukjada saklanýan «Oguznama» nakyllar ýygyndysydyr. Alym balarysynyň gülden-güle gonup, yhlas bilen gül täjinden bal ýygnaýşy ýaly, il-halkyň içinden nakyllary toplapdyr.

Alymyň toplan «Oguznama» nakyllar ýygyndysynyň başky sahypasynda arap elipbiýinde «Haza Kitaby Oguznama» — «Bu Oguznama kitabydyr», «Emsai Muhammet Aly» — «Muhammet Alynyň nakyllary» we «Mäjmaül emsai Muhammet Aly», ýagny «Muhammet Alynyň nakyllar ýygyndysy» diýlip eseriň we ony göçürijiniň ady ýazylypdyr.

Alymyň kitabynyň başynda nygtaýşy ýaly, gadymy ata-babalarymyz tarapyndan döredilen dana pikirler nakyla öwrülmezinden ozal, kyssaçylyk usullary arkaly döräpdir. Aňyň ösmegi, paýhasyň çuňlaşmagy, döredijilik ukybyň artmagy netijesinde kyssaçylyk beýan etme kem-kemden ýerini şahyrana beýan etme bilen çalşypdyr. Muhammet Alynyň nakyllar ýygyndysynda şu iki beýan etme saklanypdyr. Muňa onuň ýygyndysyndaky nakyllaşyp başlan kyssaçylyk dana sözler kepil geçýär. Oňa «Agşam bolsa ýat, saba bolsa git», «Adam eli göwherdir», «Aryf bol, suwy talyp (ýadap, suwsap) iç», «Armydy döwme — isläniňi alarsyň», «Alşyň ogly berişdir, dünýä garyş-garyşdyr», «Üskek (beýik) ýerde ýatma — ýel alar» ýaly birnäçe nakyllar mysal bolup biler.

Muhammet Alynyň ýygyndysyndaky nakyllaryň aglabasy has gadymy bolup, many jähetinden olaryň Göktürkmen ýazuw ýadygärliklerindäki, Ýusup Balasagunlynyň, Ýognakynyň eserlerindäki, şeýle hem «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryndaky pähim-paýhaslar bilen kybap gelýändigini bellemek möhümdir. Muňa «Görogly» şadessany bilen «Oguznama» nakyllar ýygyndysyndaky käbir pähimlere deňeşdirmek usulynda garap geçeliň:

«Görogly»: «Sözüň azy ýagşy, aşyň — duzy».

«Oguznama» nakyllar ýygyndysy: «Aş duz bilen, duz kän bilen».

«Görogly»: «Atylan ok daşdan gaýtmaz».

«Oguznama» nakyllar ýygyndysy: «Atylan ok ýerine dönmez».

«Görogly»: «Berseň — eliňden, bermeseň — ýoluňdan».

«Oguznama» nakyllar ýygyndysy: «Alşyň ogly berişdir».

Görnüşi ýaly, oguz nakyllary edebi çeşmelerde many jähetden biri-biri bilen baglanyşyp, beýan ediljek bolunýan pikiriň üstüni ýetiripdir.

Kitabyň ahyrynda «Dogrusyny Alla biler» diýen söz ýazylypdyr. Şu sözlerden soň, ata-babalarymyzyň: «Haktagala musulmanlary gurbatda hassalykdan, ýigitlikde ölümden, pirlikde ýoksullykdan saklasyn» diýip, eden dilegleri beýan edilipdir.

Muhammet Alynyň 78 sahypadan ybarat bolan «Oguznama» nakyllar ýygyndysynyň ylmy dolanyşyga girizilip, halka ýetmeginde filologiýa ylymlarynyň doktory, alym Amanmyrat Baýmyradowyň hyzmaty uludyr. Halypa alymyň tagallasy netijesinde ady agzalan ýygyndynyň göçürme nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna tabşyryldy. Ata-babalarymyzyň gadymy dil baýlygyny, sözleýiş medeniýetini, akyl-paýhasyny, edim-gylymyny özünde jemleýän bu nusga möhüm taryhy we edebi çeşmedir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,

mirasgär.

«Bereketli toprak» gazeti

22.10.2025 ý.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 35 okalan

MUHAMMET ALYNYŇ «OGUZNAMASY»

21 Oktýabr 2025 | 331 okalan

ALAJALY ÝOL — NURANA ÝOL