ÝURDUMYZYŇ YLMY KUWWATY ARTÝAR

     Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz uly-uly ösüşlere eýe bolýar, täze sepgitlere gadam goýýar. Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly döwlet syýasaty netijesinde halkymyz bolelin, erkana we asuda durmuşda, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýar.

     Ylmy-tehniki syýasatyň ýurdumyzda giň gerim almagy eziz Diýarymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, ylmy gözlegleriň we barlaglaryň ýokary derejede alnyp barylmagyny ýola goýmak esasynda ylmy ösdürmek esasy wezipeler hökmünde öňe çykýar. Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine möhüm orun degişlidir. Dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alyp, bina edilen bu Tehnologiýalar merkezinde alymlaryň ylmy barlaglaryny alyp barmagy, ylmy netijeleri iş ýüzünde synagdan geçirmegi, täze açyşlary amala aşyrmagy üçin ähli şertler döredilen.

     Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak häzirkizaman ösen döwletleriň ynamly öňe gitmeginiň hökmany şertidir. Dünýä bileleşiginiň ösen ýurtlarynyň düýpli ylmy barlaglar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy täze döwrüň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, häzirkizaman türkmen ylmynyň okgunly ösüşi diňe bir uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, biziň ýurdumyzy täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan ýurtlaryň hataryna goşmak babatda möhüm orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ak mermerden gurduryp, ulanmaga beren Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýaş hünärmenler üçin tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda öwrenmäge, döretmäge, ylym dünýäsi bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar.

     Bu merkezde birnäçe ugurlar boýunça düýpli ylmy işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynda ekologiýany goramak hem-de Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny yzygiderli we rejeli peýdalanmak ýaly ylmy barlag işleri alnyp barylýar. Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň wezipeleri derman ösümlikleriniň düzümindäki biologiki işjeň maddalary ýüze çykarmak, bölüp almak, olardan derman serişdelerini öndürmek we önümçilige ornaşdyrmak ýaly meseleleriň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Merkezi barlaghana bolsa, dürli maddalaryň her bir bölejigini tapgyrlaýyn ýüzlerçe müň esse ulaldyp, öwrenmäge ukyply elektron mikroskoplar bilen enjamlaşdyrylan. Bu mikroskoplar köp ugurlarda, şol sanda ösümlikleriň öýjükleriniň, dürli tebigy önümleriň we tebigy maddalaryň giňeldilen gurluşynyň barlaglaryny geçirmek, lukmançylyk, oba-hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki birnäçe pudaklarynda barlaglary geçirmek üçin peýdalanylýar.

     Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar şu güni hem-de bagtly geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri  mundan beýläk-de üstünliklere beslensin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI