Soňky wagtlar adam saglygyna ýetirýän peýdasy bilen meşhurlygy gazanan çia tohumy barada gürrüň edeli. Çia ýada ispaniýanyň şalfeýi ady bilen tanalýan bu ösümlik kiçi gara tohum bolup ol Günorta Amerikada ýüze çykypdyr. Şeýlelikde Meksika döwletiň adamlary heniz Amerika döwletiniň açylmagyndan ozal bu tohumy iýmitlerine ulanypdyrlar. Olar bu tohumdan un, ýag, dermanlyk önümlerini hem-de boýag ýasaýan ekenler. Çia tohumynyň düzümi barada aýtsak onda omega 3, ýagly kislota, kletçatka, witaminler, antioksidantlar bilen baýlaşdyrylan demir hem-de kalsiý bar.
Bu tohumyň ulanmagynyň aňsat görnüşi – biraz suwda 10-15 minut aralygynda ezip soňra olar çişeninden soň gatyga, miwe şiresine, suwa goşsaň bolýar. Elbetde bu tohumy çenden aşa ölçegini bilmän ulansaň birnäçe näsazlyklara getirip bilýär. Umumy maslahat berilýän ölçegi - 20 gram (1,5 nahar çemçesi) çia tohumyny suwuklyklara goşup bir günde iki sapar ulanmagy maslahat berilýär. Saç üçin maskalarda, şampunlara, kremlara hem bu tohumy goşýarlar. Bu bolsa saçyňy ýumşatmagyna hem-de teniň ýaşarmagyna täsiri bar. Bu tohumy nahara, süýjülik önümlerine, süýt önümlerine hem goşýarlar. Çia tohumy adamyň teniniň sagalmagyna, horlanmaga, ýürek kesellerine umuman belläp geçsek adam saglygyna ýetirýän peýdasy köp. Çia tohumynyň düzümindäki witaminler şulardan ybarat:
- Kalsiý
- Fosfor
- Magniý
- Protein
- Berhiz kletçatka
- Omega 3
- Witamin A
- Witamin B topary
- Demir
Çia tohumynda kletçatkanyň köp bolmagy sagdyn iýmitlenmek üçin peýdasy uludyr. Kletçatka - berhiz saklamaga peýdasy köp. Kletçatkanyň ýetirýän peýdasy:
- Işdäňe gözegçilik etmek
- Dok saklamak häsiýeti bar
- Günüň dowamynda az iýmäne ýardam edýär
- Teniňi sagdynlaşdyrýar
- Süňküňi berkidýär
Ogulbibi MESKUTOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.