“SAGDYNLYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ ÝURDY” ADY BILEN AÝDYM- SAZLY SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Küşt we şaşka mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlygyň we parahatçylygyň ýurdy” ady bilen aýdym- sazly çäre geçirildi.

Häzirki wagtda bedenterbiýe we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy, onuň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Aýdym – sazly sport çäresine gatnaşan ýaş türgenler sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Batyr BEGENJOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar