Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy üstümizdäki ýylda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän derwaýys resminamadyr. Gürrüňi edilýän Maksatnamada 2020-nji ýylda edilmeli işler we ýetilmeli sepgitler anyk sanlar bilen beýan edilýär. Bu sepgitler bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllaryndaky gazanylan ýeňişlere, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna esaslanýar.
Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, Döwlet hem Prezident maksatnamalarynyň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyzyň girdejileriniň ýokarlanmagyna, iş orunlarynyň täze tapgyrlarynyň döredilmegine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine täze mümkinçilikler döreýär.
Geçen ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter özgertmäge gönükdirilen orta we uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edildi. Bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleriň, wezipeleriň, maksatlaryň işjeň hereketde bolmagy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Maksatnama 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysady ösüşini kesgitleýji, maýa goýum işlerini rejeleşdiriji resminama bolmak bilen, ol 2019-njy ýylda ýetilen sepgitleriň, ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça gazanylan ösüşleriň dowamydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän ykdysady syýasaty döwletiň ählitaraplaýyn ösüşini özünde jemlemek bilen, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» esaslanýar. Bu konsepsiýalardyr maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ykdysady ýörelgeleri bolup, jemgyýetimiziň ählitaraplaýyn özgerdilmeginiň, durnukly ykdysady ösüşleriň gazanylmagynyň, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, ykdysady we institusional özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagynyň, döwletimizde sebitleriň deň derejedäki ösüşleriniň üpjün edilmeginiň esaslarydyr.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylan çäreleriň netijesinde, önümçiligiň möçberleri yzygiderli ýokarlanyp, 2019-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterime deň bolmagy döwletiň orta hem uzak geljegi nazarlaýan kuwwatyndan habar berýär. Üstümizdäki ýylda jemi içerki önümiň möçberiniň hereket edýän nyrhlarda 173,1 milliard manada deň bolmagyna garaşylýandygy hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Gürrüňi edilýän ösüşleriň netijesinde, 2020-nji ýylda ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda ýetiljek belent sepgitler bolsa, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenilip düzülen maksatnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginde ykdysady badalgadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň 10-njy maýynda «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» kabul eden Karary esasynda taýýarlanan Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetine, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna we maýa goýum Maksatnamasyna göz aýlanyňda, döwleti ösdürmegiň strategik ugurlarynyň juda oýlanyşykly işlenilip düzülendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak babatdaky özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça uly işleriň amala aşyrylmagy, ösen ykdysadyýetli döwletde tehniki we tehnologik taýdan döwrebap enjamlaşdyrylan, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümçilik kärhanalarynyň toplumlarynyň döredilmegi Türkmenistany geoykdysady we geosyýasy babatdan alanyňda-da ýokary derejelere çykarar. Bu ýagdaý, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň dünýä ykdysady we zähmet bölünişiginde eýeleýän ornuny giňeltmek we berkitmek babatda alyp barýan içeridir daşary syýasaty netijesinde, üstümizdäki ýylda döwletiň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine mümkinçilik döreder. Munuň şeýle boljakdygyny Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdelerdir maýa goýumlar, pudaklaryň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin düzülen meýilnamalar hem görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen maýa goýum maksatnamasy esasynda üstümizdäki ýylda senagat kärhanalarynyň täze tapgyrlary, ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumlary, medeni binalar... gurlar. Mysal üçin, dokma senagatyna goýulýan maýa goýumlar pudagyň ykdysady kuwwatyny has-da güýçlendirmäge, ýurdumyzyň içerki bazarlaryny dokma önümleri bilen doly üpjün etmäge we olary dünýä bazarlaryna çykarmaga şert döreder. Häzirki döwürde bu pudakda täze kärhanalaryň birnäçesiniň gurluşygy, zawod-fabrikleriň ençemesinde tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak we durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde, 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda, nah ýüplükleriň önümçiliginiň 0,1 göterim, pagta süýüminiň önümçiliginiň 17,3 göterim ösmegine garaşylýar.
2020-nji ýylda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň möçberlerini 2019-njy ýyla garanyňda 3,3 göterim ýokarlandyrmagyň maksat edinilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet durmuşynyň bu ugruny ösdürmek babatda edýän tagallalaryndan habar berýär. Şeýle-de ulag pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, toplumyň kärhanalary düýpli döwrebaplaşdyrylyp, awtoulag, demir ýol we howa ulaglarynyň tehniki parkyny täzelemek, ýollary, köprüleri, ulag menzillerini gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler diňe bir pudagyň ösmegine däl, üstaşyr-ulag hereketleriniň artmagyna, sebitde söwda dolanyşygynyň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.
Energetika we gurluşyk toplumynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň biridir. 2020-nji ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişini 25,0 mlrd. kwt/sagada ýetirmegiň maksat edinilmegi, onuň eksport mümkinçiligini 2,1 mlrd. kwt/ sagada çenli ösdürmegiň esasy wezipe edilip goýulmagy-da munuň şeýledigini görkezýär.
Söwda toplumy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, içerki bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmeginde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümçilikleriň döredilmeginde, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde, telekeçilik işiniň ähli görnüşleri üçin amatly şertleriň döredilmeginde, öňdebaryjy tehnologik täzelikleriň önümçilige ornaşdyrylmagynda we giňden peýdalanylmagynda mynasyp orny eýeleýär.
Türkmenistanda soňky ýyllarda döredilen mümkinçilikler, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gaýtadan işleýän toplumlar ýurdumyzyň söwda toplumyna girýän pudaklaryň önümçilik düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary giňeltmegiň we eksport möçberlerini artdyrmagyň hasabyna, içerki we daşarky söwdada hem-de harytçig mal bazarlarynda ýokary ykdysady görkezijiler gazanmaga mümkinçilik berdi.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagyna, bäsdeşlige ukyply telekeçileriň we senagatçylaryň peýda bolmagyna, raýatlarymyzyň telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegine şert döretdi. Netijede,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňedi. Bu gazanylýan oňyn netijeler üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70,0 göterimden az bolmajakdygyna ynam döredýär. Şeýlelikde, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarda öz beýanyny tapan ykdysady syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekde 2020-nji ýyl hem örän ähmiýetli ýyllaryň biri bolar.
Ysmaýyl TAGAN, žurnalist.
“Nesil” gazeti,
25.02.2020ý.