2024-nji ýylda Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň sany barha artýar. Şu ýylyň geçen sekiz aýynyň dowamynda kitaphananyň täze okyjylarynyň sany 650-ä ýetdi. Okyjylaryň umumy sany 21 müň 600-den geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar — awgust aýlarynda welaýat kitaphanasynyň kitap gaznasy hem baýlaşdy. Hasabat döwründe «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy bilen, onuň kitap gaznasy 52 müň 400-e golaýlady. Şol döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 50 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 12 müň 900-den, çeper edebiýatlaryň 16 müň 800-den, çagalar edebiýatlarynyň 8 müň 700-den, beýleki neşirleriň 11 müňden gowragy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň hem welaýat kitaphanasyna köpçülikleýin gelip gowşandygyny bellemek gerek diýlip, habarda bellenilýär.
04.09.2024ý.
türkmenportal