DIL HAKYNDA

Köp dil bilmek – bu bir köşki açýan köp açaryň bolmagy diýmekdir.

Wolter

 

Iň kämil dil diýlip, köpsanly düşünjeleri az sözde beýan edýän dile aýdylýar.

P.Buast

 

Dil – pikirleriň geýimidir.

S.Jonson

 

Dil – bu bütin nesliň asyrlarboýy çeken zähmetidir.

W.Dal

 

Gowy beýan edilen pikir ähli dillerde hem akylly bolup ýaňlanar.

D.Draýden

 

Dil adama öz pikirlerini gizlemek üçin berlendir.

Taleýran

 

Diliň baýlygy – pikirleriň baýlygydyr.

N.M.Karamzin

 

Dil halkyň ýüregidir. Halkyň bakylygy onuň dilindedir.

Ç.Aýtmatow

 

Gowy dil – gowy niýetler üçin ulanylan ýaragdyr.

 T.Füller

 

Iň gerekli dilleri alty sagadyň içinde öwrenip bolýan bolsa, öz ene diliňi öwrenmek üçin bütin ömrüň hem ýeterlik bolmaz.

Wolter

 

Toplan: Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY