Küşt – diýseň täsirli, asla ýadatmaýan, dünýäsine aralaşdygyňça, täsinlikler älemini sahylarça bagyş edýän, aňyňa dynçlyk-rahat berip, ownuk-uşak pikir-aladalardan saplaýan oýundyr. Bu oýun ilkibaşda, alymlaryň aýtmagyna görä, gözel Hindistan ülkesinde döräpdir. Uzagyndan bu oýnuň meşhurlygy artyp, ol ilki Aziýa yklymynyň ümmülmez giňişligine, soňra bolsa, Ýewropa ýaýrapdyr hem-de hemmeleri özüne maýyl etmegi başarypdyr.
Küşdüň aňy ösdürýän, beýnä dynçlyk berýän oýundygy irki döwürlerde-de belli bolupdyr. Küşt adama pikirlenmegi, oýlanyşykly hereket etmegi, her ätjek ädimiňi öňünden kemsiz saldarlamagy öwredýär. Küşt oýny adamda hasap ylmyna bolan ukyp-başarnygy has-da çalt ösdürýär. Bu oýna irki ýaşdan höwes bildirip başlan çagalar uzagyndan takyk ylymlardan oňat baş çykaryp, ökde alymlar, ezber hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilermenleriň bu ugurda geçiren barlaglary täsin maglumatlaryň üstüni açypdyr. Görüp otursalar, küşt oýny adam beýnisiniň işjeňligini artdyrýar. Ol beýniniň logiki pikirlenişini (ýagny yzygiderli pikirleri jemlemek we olara dürs baha bermek arkaly, täze pikiri ýa-da netijenamany jemlemek) ösdürýär, adamyň bar bolan ýagdaýlardan utuşly baş alyp çykmak üçin amatly ýoluny tapmak ukybyna jogap berýär. Mundan başga-da, küşt bilen gyzyklanýan çagalaryň beýnisiniň hem işjeňligi düýpli artyp, olarda öz etjek hereketleriniň netijesini öňünden aňşyrmak we olara taýýar bolmak başarnygy ýokarlanýar. Küşt oýny çagalaryň ýatkeşligini berkidýär, goýlan maksatlara tarap ynamly gadam urmaga we ýeňşe okgunly bolmaga itergi berýär. Kiçi ýaşly çagalara küşt oýny özbaşdak pikirlenmegi, eden hereketleriňe, äden ädimleriňe jogapkärli bolmagy öwredýär. Şeýle ýagşy gylyk-häsiýeti özüne asylly endik edinen körpeje öz-özüne, hereketlerine has serenjamly bolmagy, öz kemçiliklerini, bärden gaýdýan ýerlerini boýun almagy, olary tankydy nazar bilen seljerip, dogry netije çykarmagy, bir söz bilen aýdylanda, kämillik ugruny ýalňyşsyz saýlap almagy we oňa ygrarly bolmagy durmuşyň kadasyna öwürýär. Küşt oýny diňe bir ýeňmegi däl, eýsem utulyşa sezewar bolanyňda-da, sussupeslige ýan bermän, başyňy dik tutup, ýeňşe bolan erkiňi goldan bermezligi, hemişe öz güýjüňe, başarnygyňa, zehiniňe ynamly bolmagy öwredýär. Sanalyp geçilen bu asylly gylyk-häsiýetleriň hemmesi, gürrüňsiz, çaga mekdepde tapawutly okamaga, geçilýän ders sapaklaryny düýpli özleşdirmäge, aň taýdan has kämil bolmaga ýardam berýär. Uzagyndan, şeýle çagalar küşt bilen gyzyklanmaýan beýleki deň-duşlaryndan aýyl-saýyl tapawutlanyp başlaýarlar. Özi-de, şeýle çagalar köpçülikde hem özüni parahat, edepli alyp barýarlar, mekdepde tabşyrylan ýumuşlary we öý-içeri işlerini gaýtadan ýatlatmasyz-ýanjamasyz, özbaşdak ýerine ýetirmek endigini öz-özünde terbiýeleýär.
Gelip çykyşy gadymy Gündogardan bolan küşt oýny Türkmenistanyň çäklerinde irki wagtlarda ýaýrapdyr. Türkmenlerde edil küşt ýaly aňa oňat täsir edýän, adamyň pikirleniş ukybyny ösdürýän we degna ulgamyna rahatlyk berýän düzzüm oýnunyň hem bardygyny bellemek buýsançlydyr. Häzirki wagtda küşt oýnunyň çyn muşdaklarynyň sany barha artýar. Özi-de, bu oýna höwesek ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty has hem ýokary derejede ösdürmek, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça edýän ýadawsyz aladalary, bimöçber tagallalary bu günki gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ussatlyk derejesi bilen, dünýä sportunda oňat tanalýan we ýurdumyzyň sport şöhratynyň abraýyny barha artdyrýan meşhur küştçileriň sany köpelýär. Olaryň dünýä derejesinde guralýan abraýly ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, gazanýan ynamly ýeňişleri, döşlerini bezeýän altyn-kümüş medallar tutuş halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Bu abraýly ýeňişleriň her birisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistany sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alan we oňa gyşarnyksyz eýerýän bagtyýar ýaşlaryň ýurduna öwürmek ugrundaky çäksiz üns-aladalarynyň netijesidir.
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.