Türkmen halkynyň asyrlaryň akyl-paýhasyny, söz kämilligini özüne siňdiren baý mazmunly, örän gyzykly we gadymy medeni taryhy bar. Häzirki wagtda biziň taryhçylarymyz we edebiýatçylarymyz sungat öwrenijilerimiz ata-babalarymyzdan galan belent ahlakly, medeni taryhy mirasymyzy ylmy jähtden öwrenmäge, halk köpçüligine öz asyl nusgasynda ýetirmäge giň mümkinçilik tapdy.
Türkmen sungatynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde, gadymy sungatymyz uly ösüşlere mynasyp bolýar. Mähriban Arkadagymyz: «Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir» diýmek bilen, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmekligi we onuň baý many-mazmunyny halka ýetirmekligi şu günüň esasy wezipesi edip goýýar.
Türkmenleriň arasynda «Ýaşmak – ýaraşyk» diýen düşünje bar. Dogrudanam, türkmen ynanjynda, onuň zenan hakyndaky mizemez kada-kanunynda ýaşmak edalylygyň, näzikligiň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň aňladylmasy hasaplanypdyr. Ikinji bir tarapdan, uz ýaşynan edaly gelinler düşen öýüniň, bütin obanyň gözellik mertebesine, edalylygyna öwrülipdir. Munuň özi, zenan gözelligini, onuň edep-ekram baradaky duýgy-düşünjesini bir gez beýgeldipdir.
Türkmençilikden bilşimiz ýaly, ýaş gelinler gaýyn enelerinden, gaýyn atalaryndan, gaýyn agalaryndan we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan ýaşynýarlar. Ýaşynmak dessuryna ýaşmagyň bir ujy bilen agzyňy ýapmak we ýaşynylýan adamlaryň bar ýerinde gaty ses bilen gürlemezlik mahsusdyr. Ýaşmak ata-babalarymyz tarapyndan döredilen we häzirki güne çenli gaýyn-gelin gatnaşygynyň dowam edip gelýän ajaýyp däpleriniň biridir.
Ýaşynmak dessury birnäçe ýyllap dowam edýär. Esasan hem, gaýyn atalardan we gaýyn agalardan ýaşynmak has köp ýyllap dowam edýär. Köp halatlarda ýaş gelinleriň birinji perzentleri dünýä inenden soň, gaýyneneler öz gelnine sowgat-serpaý ýapmak arkaly ýaşmagyny aýyrmagyny, ýagny ýaşynmagyny bes etmegini soraýarlar. Ýöne şonda-da, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus utanjaňlyk, gaýyn-gelin sylag-hormatynyň nyşany hökmünde bu dessur gelinleriň ikinji perzentleri dünýä inýänçä dowam edipdir. Diňe şondan soň, gelinler gaýyn eneleri bilen ýuwaşja ses bilen gürleşip başlapdyrlar. Bu bolsa, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramynyň, haýasynyň, edalylygynyň, asyllylygynyň, sylag-hormatynyň nyşany hökmünde kabul edilipdir.
TAÝÝARLAN: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher
merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.