HOŞNIÝETLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli tutumly işleriň barha bat alýan eýýamyna öwrülip, ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Munuň özi, ata Watanymyzy oňyn özgerişlere beslemek bilen, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem gowulandyrmak ugrundaky taýsyz tagallalar hakykat ýüzünde öz beýanyny tapýar. Il-ýurt bähbitli maksatnamalar barha gerimini giňeldip, halkara ähmiýetli çözgütlere eýe bolýar.

     Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Birleşen Milletler Guramasy dünýä döwletleriniň arasynda ählumumy gatnaşyklaryň häzirkizaman ulgamynyň esasy daýanjydyr. Dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny, howpsuzlygyň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny saklamagyň kepilidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän hoşniýetli içerki we daşary syýasaty bu abraýly guramanyň ileri tutýan maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýär.

     Ýurdumyzyň bu uly we abraýly halkara guramasyna agza bolmagy sebitde parahatçylygy gorap saklamaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, sebiti durnukly ösdürmeklige gönükdirilen täze, netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga we olary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam berýär. Taryha nazar aýlasak,  2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda açylan Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň üstünlikli iş alyp barmagy hem muny aýdyň görkezýär.

     Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde köpsanly möhüm daşary syýasy başlangyçlary öňe sürmegi we olaryň dünýä bileleşigi  tarapyndan doly we biragyzdan ykrar edilmegi, iş ýüzünde şol başlangyçlaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, daşary syýasatynyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

     Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma döredýär hem-de dessine-de goldaw tapýar. Çuňňur syýasy-diplomatik açyklyk we halkara hyzmatdaşlygynyň öňdäki sepgitlerine gönükdirilen başlangyçlar Türkmenistanyň halkara ulgamyndaky parahatsöýüjilikli keşbine täze öwüşginleri berýär.

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2024 | 0 okalan

MILLI SENETÇILIGI ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA

16 Sentýabr 2024 | 1 okalan

GARAŞSYZLYK-HALKYŇ ÇÜWEN YKBALY