Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asudalygyň, ösüşleriň we rowaçlygyň dabaralanýan her bir güni buýsançly taryhy wakalara, beýik üstünliklere beslenýär. Ajaýyp zamanamyzda bütin dünýä ýaň salýan döwletli tutumlar, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdy dolandyrmakdaky taýsyz ukyp-başarnygynyň, öz agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň, döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Agzybir halkymyzyň bu babatdaky işjeňligini has-da ösdürmek, döredijilikli güýjüni bir ýere jemlemek bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmaga, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny öňküden hem has-da pugtalandyrmaga netijeli itergi berýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uly bolar. Sebäbi Halk Maslahaty berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere halkymyzyň ähli gatlaklardaky wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam eder. Şol bir wagtda, munuň özi milli demokratiýany kämilligiň täze belentliklerine göterilýänliginiň hem tassyknamasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, il-ýurt bähbitli işlerde halkyň hormat-sylagyna mynasyp adamlar bilen maslahatlaşmak bolsa, türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gelýän mizemez ýol-ýörelgeleriniň biridir. Bagtyýarlyk döwrümizde bolsa durmuş synagyndan geçen bu kämil ýörelgelerimiz mazmun taýdan has-da baýlaşýar, döwleti dolandyrmakda üstünlikli özleşdirilýär, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda işjeňligi artýar. Diýmek, Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň ykbalynda taryhylygy bilen tapawutlanar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi mizemez durmuş ýörelgesine öwren ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bolsa hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin-de bu asylly maksada ýetmekdäki tagallalar hormatly Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli her bir tutumynyň çuňňur mazmunynda mynasyp beýanyny tapýar. Halk Maslahatynyň döwletli çözgütleriniň mysalynda hem biz bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirjekdigimizi çäksiz buýsanç bilen nygtap bileris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan dünýä nusgalyk özgertmelerde ata Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimiziň şol düýpli özgertmelere mynasyp goşant goşup, röwşen geljeginiň berk binýadyny goýmaklarynda, Diýarymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmekdäki, milli demokratiýany kämilleşdirmekdäki tagallalarda öňdäki hatarlarda bolmaklarynda ähli şert-mümkinçilikleri döredýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.