NESILDEN-NESLE GEÇIP GELÝÄN ÝÖRELGE

     Ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýär. Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

     Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp geňeşip çözmek ýaly ata-baba ýol bolup gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir.

     Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Ýylda bir gezek geçirilýän mejlisiň işine etrap, şäher halk maslahatlary, jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar, ilatyň aýry-aýry toparlary tarapyndan hödürlenen raýatlar wekilçilikli gatnaşýarlar. Bu sanawda Türkmenistanyň ýaşlarynyň, şol sanda talyp ýaşlaryň, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň hem özlerine mynasyp orun eýelemekleri ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, il-ýurt bähbitli meseleleriň çözgüdine ilatyň has köp gatlaklarynyň wekilçilikli gatnaşmaklaryny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.

 

Umyt BAÝHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY