TÜRKMEN ÝAŞLARY HALKARA FORUMDA

     Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan ruhlanýan türkmen ýaşlary halkara forumlara, festiwallara işjeň gatnaşyp, daşary ýurtly deň-duşlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýärler. 2 — 6-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda geçirilen «БерегA» ýaşlar okuw forumy hem ýaş türkmenistanlylar üçin bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu foruma Hazarýaka döwletlerinden işjeň ýaşlar, şol sanda ýaş telekeçiler, syýahatçylyk, haryt nyşanlaryny ilerletmek, sanly brending, bazary öwreniş, şähergurluşygy ugurlaryndan ýaş hünärmenler gatnaşdy.

     Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentligiň hem-de Astrahan oblastynyň Hökümetiniň bilelikde guran forumynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Guwanç Çendirow ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden, işewürlerden, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlaryndan ybarat boldy.

     Forumyň çäklerinde häzirki döwürde ösen syýahatçylygyň merkezine öwrülýän Hazarýaka sebitini ykdysady taýdan ösdürmegiň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip, sebiti ösdürmek babatda iň özüne çekiji ugurlar boýunça taslamalary taýýarlamak arkaly nazary bilimleri tejribe arkaly berkitdiler. Şunda Hazarýaka ýurtlarynyň syýahatçylyk we şypahana ulgamyndaky mümkinçilikleri diňe kämilleşdirmek, onuň täze ugurlaryny ýüze çykarmak öňde goýlan esasy wezipeler boldy.

     Okuwlaryň bir bölegi halkara derejede ýaş telekeçileriň aragatnaşyklaryny ösdürmek mowzugyna bagyşlandy. Olaryň dowamynda taraplar işewürligi ösdürmegiň netijeli strategiýalary, halkara bazarlaryna çykmagyň gurallary, aýry-aýry kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

     Okgunly ösýän bazar ykdysadyýetine eýe bolan Türkmenistan diňe bir milli hususy pudagyň eksport mümkinçilikleriniň berkidilmegine gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda zerur şertleri hem döredýär. Ussatlyk sapaklarynyň bir ugry haryt nyşanlaryny ilerletmegiň maksatnamasyna bagyşlandy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri bu ugurdaky öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşdyryldy.

     Forumda çykyş edenleriň we ussatlyk sapaklaryny alyp baryjylaryň hatarynda Astrahan oblastynyň hökümetine, Taslamalary seljermegiň we dolandyrmagyň strategik merkezine, Astrahanyň W.N.Tatişew adyndaky döwlet uniwersitetine, şeýle  sebit we federal derejedäki abraýly guramalara wekilçilik edýän hünärmenler orun aldy.

     Forumyň guramaçylary tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama Astrahan Kremli bilen tanyşlygyň, teatr sahnalaryna tomaşalaryň hem-de derýa ulagynda gyzykly gezelenjiň girizilendigini hem bellemek gerek. Şunuň ýaly çäreler bilelikdäki forumlaradyr duşuşyklara gatnaşyjylara birek-biregiň medeniýeti we taryhy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga ýardam edýär.

     Baý döredijiligi we gymmatly mirasy häzirki döwürde bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan Magtymguly Pyragynyň Astrahanyň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän ýadygärligine türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gül desselerini goýmaklary beýik söz ussadyna çuňňur sarpanyň nyşany boldy. Bu dabara ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetirdi.

     Umuman, türkmen wekiliýetiniň Astrahanda geçirilen «БерегA» forumyna gatnaşmagy netijeli häsiýete eýe bolup, ýaş türkmenistanlylaryň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmeginde, şeýle hem öz hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirmek ugrunda gymmatly tejribe toplamagynda möhüm ähmiýetlidir. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara

hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar