ÝOL ASUDALYGY – IL ABADANÇYLYGY

     Ýollar alys bolsa-da, ýürekleri ýakynlaşdyrýar. Indi bolsa, biziň ýollarymyz halklary ýakynlaşdyrýar. Çünki ýollarymyzyň ugry halkara giňişligine tarap ugur alýar. Döwrebap ýollaryň artýan döwründe geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy hem raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýollaryň we estakadaly köprüleriň dünýä ülňülerinde gurulmagy bilen, ýol ugurlarynyň sany artyp, has-da çylşyrymlaşýar. Ýolyşyklar, ugrukdyryjy çyralar we ýollardaky ähli belgiler dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Şu esasda, raýatlarymyzyň arasynda hereket howpsuzlygyny üpjün etjek kadalar, düzgünler bilen yzygiderli tanyşdyryp durmak jogapkärçiligi has-da artýar. Bu babatda, ýaşlaryň arasynda hem wagyz-nesihat we düşündiriş häsiýetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler gyzykly we täsirli guralýar. Şunlukda, ýaşlarymyz ähli çärelere işjeň gatnaşýarlar.

     Her ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça yglan edilip, yzygiderli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäreleri paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerim alyp, olara işjeňlik häsiýeti mahsus bolýar.

     Ilki bilen, biraýlyk nukdaýnazaryndan uly ähmiýet berilmeginde çuňňur manynyň bardygyny nygtamak gerek. Şu nukdaýnazardan, biraýlyk maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilmegi «Döwlet – adam üçindir» şygarynyň mazmunynda aýdyň beýanyny tapan, adamlaryň parahat, bolelin we eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň iňňän ýokary depginlerde durmuşa geçirilýän döwründe möhüm ähmiýetlidir. Çünki biraýlyk öz nobatynda, şeýle asylly maksatlary ilkinji orunda goýýar. Abadan durmuşy üpjün etmäge ýardam berýän ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, ýokarlandyrylýan iş haklary we döwlet kömek pullary, medeniýetli dynç alşy guramak, okamaga, öwrenmäge, ýokary bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga döredilýän mümkinçilikler, jan saglygy berkitmäge, saglygy dikeltmäge berilýän goldaw-hemaýat, depgini birjikde gowşamaýan medeni-aň bilim syýasaty, şonuň ýaly-da, özüniň oňyn täsirini ýetirýän dost-doganlykly halkara gatnaşyklar – bularyň ählisi il-ýurt abadançylygyny, agzybirligi we parahat durmuşy üpjün etmegiň aýdyň ýolunda asylly islegleriň, arzuw-umytlaryň hasyl bolmagyny barha ilerledýän oňyn ädimlerdir.

     Biraýlyk hem raýatlaryň howpsuz we abadan durmuşyny üpjün etmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, wagyz-nesihat işlerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Bu bolsa, raýatlarymyzyň arasynda ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini aňynda berkitmegini gazanmaga özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

     Ýol hereketine gatnaşyjylaryň esasy bölegi ýaş nesillerdir. Ýaş nesillere bu babatda hökmany düşünjeleri bermek möhüm orunda durýar. Şu nukdaýnazardan, umumybilim berýän mekdeplerde we kiçi ýaşly çagalar baglarynda hem asylly çäreler giň gerim aldy. 1-nji synp okuwçylaryň arasynda köçe-ýol hereketini öwrediji hereketli oýunlar olarda has-da ýiti täsir galdyrýar. Uly ýaşly okuwçylara bolsa, dürli wideoşekilleriň üsti bilen, ýol-ulag hadysalaryna getirip biläýjek ýagdaýlar görkezilýär. Bu bolsa, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga özüniň oňyn täsirini berýär. Mundan başga-da, mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek maksady bilen, tematiki okuwlar, ýazuw-barlag işini ýazmak, synp sagatlary, ýaş gözegçileriň bäsleşikleri, wiktorinalar, düşündiriş söhbetdeşlikleri ýaly ululy-kiçili çäreler hem yzygiderli geçirilýär. Çäreleriň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýaş nesilleriň aňynda bu babatda nazary düşünjeleri berkitmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Umumybilim berýän mekdeplerde halypa mugallymlaryň okuwçylar bilen geçirýän wagyz-nesihat işleri işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar.

     Raýatlarymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Serdar GURBANMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY