Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuşa söýgüsi, adalatlylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenendir. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şertleri döretdi. Netijede, Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerini dünýä jar etdi. Ýurdumyzyň geçen durmuş menzili döwlet ähmiýetli uly işlere beslendi. Türkmenistan bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde özüniň oňyn ösüş ýoluny aýan etdi.
Ýagty ýol bilen ynamly öňe barýan, kalplary buýsançdan doly, pederlerimiziň döwletlilik, hukuk we demokratik ýörelgelerine eýerýän watandaşlarymyz bu gün milli Liderimiziň şahsy ýörelgesine eýerip, bilimini, başarnygyny artdyryp, belent watansöýüjilik duýgusy bilen döredýär, gurýar, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde müdimilik orun alan bu möhüm seneden bäri geçilen taryh üçin uzak bolmadyk wagt aralygynda ýaş döwletimiz deňsiz-taýsyz belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, ynsanperwer durmuşda gazanylýan üstünlikler, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ata-babalarymyzyň asyrlar boýy eden arzuwynyň wysalyna öwrüldi.
Garaşsyzlygyň geçen ýoly taryh üçin ujypsyz bolsa-da, mazmun taýdan baýdyr. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurduň tebigy baýlyklaryny daşary bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, obadyr şäherleriň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesiniň gözbaşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bar. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly özgertmeler amala aşyryldy. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.