DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

     Ýaňy ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, öňe süren beýik ideýalaryny, ynsanperwerlige, päk ahlaklylyga, watansöýüjilige ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny wagyz etmek, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Mälim bolşy ýaly, Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuňňur dünýewi pelsepelere, inçe duýgulara ýugrulan dünýä akyl ýetirmek baradaky arzuw-umytlary, dürli öwüşginli oý-pikirleri türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşykly ýaşaýar we asyrlardan-asyrlara geçip gelýär.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp zamanamyzyň her bir gününiň eşreti, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi çeper sözde wasp edilýär. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

     Bäsleşigiň şertine laýyklykda, hödürlenilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berlip, çeper dörediji ýaşlaryň beýik söz ussadyna bagyşlap döreden goşgularynyň, hekaýalarynyň içinden iň gowulary saýlanyldy. Bäsleşigiň jemine görä, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaş döredijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY