«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we ugurdaş sergisi geçirildi.
«Hi-Tech Turkmenistan 2024» atly halkara sergisi Türkmenistanda we bütin dünýäde innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň ýokary dinamikasyny, döwlet gurluşynyň ähli sferalarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrmagyň güýçlendirilmegi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hünärmenleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we getirijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar gatnaşdylar.
Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna we IT hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Esasan hem ýerli telekeçileriň hem-de talyp ýaşlaryň sergileri ýurdumyzda sanly ulgamyň, innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary derejede ösýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Häzirkizaman ylmy-tehniki gazanylanlar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň we ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär.
Jennet BABAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.