Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde her bir döwletli işiň başy tutulanda halk bilen geňeşmek asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halk maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Milli Liderimiz ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. Şu nukdaýnazardan Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.
Bagtyýar raýatlarymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem aýratyn many-mazmuna eýe boljakdygyna uly ynam bildirýärler. Çünki Halk Maslahatynyň ähli mejlislerinde jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanylýan üstünliklerimiz esasynda halkymyzyň milli demokratik ýörelgelerine eýerilip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesine daýanylyp, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleriň täze tapgyryna badalga berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna halkymyzyň dürli kärdäki raýatlary bilen birlikde ýaşlaryň-da gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlara berilýän ünsüň uludygyny, şeýle-de ýaşlarymyzyň jemgyýetde we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Şonuň esasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek, bu ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklaryny düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hem birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda okap, bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda Halk Maslahatynyň ähmiýeti we ony guramaçylykly geçirmek babatynda dürli wagyz- nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň abadan, bolelin, erkin, parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir. Şeýle hem ýurdumyzda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylmagy her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri biz — ýaşlary Watanymyzyň ösüşlerine yhlasly goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, okamaga, döretmäge, gurmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.