ÝOLLAR ASUDA – ILLER ABADAN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn ösmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmak bolup durýar.

     Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çärä giň gerim berilýär. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam edýän bu çäräniň çäklerinde ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda meýilnamalaýyn maslahatlar guralýar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Munuň özi, ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.

     Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugry özüne birikdirýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek we tassyklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny öwretmegi gurnamak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň işini utgaşdyrmak, awtomobil, ýerüsti elektrik ulaglarynda we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek ýaly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

     Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly giň awtoýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýollaryň üstündäki ýörite geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi ulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyna garamazdan ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem oňa gatnaşýan her bir adamyň borjy bolup durýar.

2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkeziniň ýanynda Çagalar awtomobil şäherjigi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ulular we çagalar üçin awtomobil sport-okuw merkezi döredildi. Okuw merkezde ýol hereketi bilen baglanyşykly yzygiderli çäreler, bäsleşikler geçirilýär.

     Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berýär. Şu jähetden, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň hukuk taýdan üpjünçiligine esasy orun degişlidir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek baradaky kadalar 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Bu kanun ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirmek bilen, raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamak, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda möhüm hukuk resminamasy bolup durýar. Şeýle hem resminama laýyklykda, ýol hereketinde pyýada ýolagçylar artykmaçlykdan peýdalanýarlar, olaryň ýol hereketine gatnaşmaklygy öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýandygy kesgitlenen.

     Hereket edýän islendik kada-kanunlaryň bir umumylykdan gözbaş alyp gaýdýandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Şu nukdaýnazardan, ýol hereketiniň kadalary we onuň howpsuzlygy bilen baglanyşykly halkara we milli derejedäki hukuk namalarda umumylyklar has aýdyň ýüze çykýar. Halkara hukugynyň esas goýujy kadalary, şol sanda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Paktynyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara paktynyň beýleki halkara resminamalarynda düzgünleriniň binýadynda durýar.

     Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny halkara gatnaşyklary ulgamynda amala aşyrmak, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, aýratyn-da ykdysady bähbitleri gazanmak hem-de Watanymyzyň dünýädäki mertebesini mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Ýol hereketi hakynda halkara konwensiýa hem-de Ýol belgileri we duýduryşlary hakynda Konwensiýasyna, şeýle hem, Ýükleriň halkara daşalmagy hakynda Gümrük konwensiýasyna, Halkara ýollarynda ýük daşamak hakyndaky Konwensiýalara goşulandygyny aýratyn nygtamak bolar.

     Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek bilen, il saglygy, aýratyn hem ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi baradaky aladalaryny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Indi her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň umumymilli çäresi hem Watanymyzda ynsan hakyndaky aladanyň, onuň ygtybarly goraglylygynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle giň gerimli, adamlaryň rahat ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreler halk arasynda oňyn seslenme tapýar. Çünki ýollaryň sazlaşykly hereketi ähli sürüjileriň hem-de pyýadalaryň, umuman, ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň saglygynyň, howpsuzlygynyň kepili bolup durýar.

     Umuman, ýurdumyzda ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeler we usullar arkaly çemeleşilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň, halkyň abadan, howpsuz durmuşda ýaşamagy üçin amal edilýän oňyn özgertmeleriň ýurdumyzyň alyp barýan “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesine esaslanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY