Ýaňy ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli döredijilik bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylyň her güni belent sepgitlere beslenýär. Mukaddes Watanymyzyň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan şeýle belent özgertmelere mynasyp goşant goşmak dünýäniň röwşen geljegini gurmak işine işjeň gatnaşýan ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Hut şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, ýokary ahlakly bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagallalar edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek hem-de döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen yglan edilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly itergi berdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.