HALK MASLAHATY – AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagtyýar raýatlarymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hem-de ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Halk Maslahatynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilim has-da kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Şu ýyl hem ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri täze kompýuterli körpeleriň ümzügi ileri. Täjigistan Respublikasynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän täze mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylmagy iki doganlyk halky has-da buýsandyrdy.

     Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan täze toplumyň açylmagy aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň barha kämilleşýän, özgerýän täze keşbi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijiligiň we ösüşleriň belent ruhuny özünde jemleýär. Täze gurulýan döwrebap desgalaryň yzygiderli ulanylmaga berilmegi häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň giň gerimliligine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Jennet BABAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

“Aşgabat” gazeti. 2024-nji ýylyň 12-nji sentýabry.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY