«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar halkymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden, dabaraly belläp geçilýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan çäreleriň ençeme geçirildi.
Paýtagtymyzda gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi 60 metr bolan ýadygärligi açyldy, akyldar şahyryň eserlerini öz içine alýan «Magtymguly» atly kitap neşir edildi, Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Sanlyja günden Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigine has-da buýsanýarys.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary terbiýe mekdebidir. Şahyryň parasatly setirleri ulus-iliň kalbynda ebedilik orun aldy. Onuň köp sanly parasatly sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip gitdi. Dana şahyryň baý edebi mirasynyň agramly bölegi ahlak we terbiýeçilik öwüt-ündewleri tutýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgärleri bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirýän çärelerimizde akyldar şahyryň nakyla öwrülen setirlerini ýaş nesle öwüt-nesihat edýäris. Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmekde, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanjy kemala getirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Goý, ulus-ilimizi beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary has-da rowaçlyga beslensin!
Zubeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.