WATAN OGULLARYNA BAKY ŞÖHRAT!

     Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni bellenip geçilýär. Şol gün pederlerimiziň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp hatyra çäreleri geçirilýär. Bu zatlar halkymyzda öten-geçenleriň sarpalanýandygynyň, olaryň hatyrasynyň belent tutulýandygynyň güwäsidir.

     Hatyra senesindäki — 6-njy oktýabrdaky çärelere «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndan başlamak indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar böleginde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy «Ruhy tagzym», «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri öz içine alýar. «Ruhy tagzym» ýadygärligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň, «Baky şöhrat» we «Watan ogullary» ýadygärlikleri bolsa 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlandyr. Beýik halkymyzyň buýsançly geçmişine bolan çäksiz söýgüsini alamatlandyrýan bu ýadygärlikler toplumy pederlerimiziň edermenliginiň, watançylygynyň aýdyň nyşanyna, mukaddes ýere öwrüldi.

     Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hatyra dessurlary berjaý edilýär, öten-geçenleriň ruhuna bagyşlanyp sadakalar  berilýär. Munuň özi öten-geçenlerimize halkymyzyň çäksiz hormatynyň beýanydyr.

 

Döwran NOWRUZOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1535 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY

26 Noýabr 2024 | 612 okalan

BÄSLEŞIK RUHUBELENTLIGE BESLENDI

25 Noýabr 2024 | 1941 okalan

BÄSLEŞIGIŇ KAKA ETRAP TAPGYRY