ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA SYÝAHAT

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Hatyra güni mynasybetli Änew şäheriniň golaýyndaky Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda syýahat guraldy.

     Ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany we olaryň eziz topragymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bu syýahatyň ähmiýeti uly boldy. Ýaşuly nesliň gadymy Änew topragynyň baý taryhy, şeýle-de “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy hakyndaky gürrüňleridir rowaýatlary uly gyzyklanma bilen diňlendi. XV asyrda bina edilen, asyrlarboýy jahankeşleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärlikler toplumynyň binagärlik gurluşy syýahata gatnaşan ýaşlaryň ünsüni has özüne çekdi.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 82 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 84 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 217 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK