Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylar üçin medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.
Ýaş pagtaçy kärendeçilerdir ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň hem-de ýygnalan hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirdiler hem-de olaryň alyp barýan şu günki işleriniň ähmiýeti, yhlas bilen ýetişdirilen «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigi barada aýtdylar we zähmet üstünligini arzuw etdiler.
Etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabaranyň ahyrynda öňdebaryjy pagtaçylaryň uly toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.
Rejepgeldi ATAJANOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.