Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen baglanşykly wagyz-ündew ediji bäsleşik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak maksady bilen guralan bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Onda özara bäsleşen mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýy, olar babatdaky bilimlerini, ussatlyklaryny aýan etdiler.
«Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen çekeleşikli häsiýetde geçen bäsleşikde ýeňiji toparlar kesgitlendi. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.