Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň köpugurly hassahanasynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» atly şygar astynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guaramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew açyp, saglygy goraýyş işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ulgamyň işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döwrebap şertleri döretmek, ilatyň saglygyny goramak babatda edýän tagallalary hakda täsirli gürrüň edildi hem-de munuň üçin hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Dabaraly duşuşygyň aýratyn tapawutlanyp zähmet çekýän ýaş lukmanlaryň birnäçesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.