Britaniýanyň Times Higher Education (THE) guramasy dünýä uniwersitetleriniň ýyllyk görkezijisiniň 21-nji neşirini World University Rankings 2025 çap etdi.
Netijelere görä, «habarçy» derejesinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si dünýäde abraýly we meşhur THE görkezijisine ýerleşdirildi.
Olar: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenistanyň döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.
Munuň özi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýädäki bilim giňişligindäki ornuny berkitmek we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmak baradaky işjeň islegini aýdyň görkezýär. Görkezijä gatnaşýan ýokary okuw mekdeplerimiziň sany barha artýar. 2022-nji ýylda ilkinji gezek THE görkezijisine Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty wekilçilik etdi. 2023-nji ýylyň görkezijisinde ýurdumyzdan ýokary okuw mekdeplerimiziň 4-si, 2024-nji ýylda 11-si bolan bolsa, täze neşirde 13-si bar.
Umuman, ýyllyk statistika görä, uniwersitetleriň ählumumy sanawy täze gatnaşyjylar bilen çalt artýar. 2004-nji ýylda THE World University Rankings görkezijisiniň ilkinji neşiri çap edilende, oňa gatnaşyjylaryň 200-si bardy. 2025-nji görkezijisinde oňa 115 ýurtdan 2092 uniwersitet girdi. Dünýäniň gatnaşýan ýokary okuw mekdepleri has ýokary netijelilik görkezijilerine ýetmekde ösüş, bäsdeşlige ukyplylygyny we üstünligini giňden görkezýärler.
THE World University Rankings görkezijisi dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň üstünlikleriniň abraýly görkezijileriniň biridir. Uniwersitetler ýokary okuw mekdepleriniň işine giňişleýin baha bermäge mümkinçilik berýän iň soňky WUR 3.0 usulyýeti boýunça ýerleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleri esasy bäş ugurdan: bilim berişi, ylmy barlaglar gurşawy, barlaglaryň hili, senagat bilen özara gatnaşyklar we halkara derejesinde geljegi ýaly ýerine ýetirýän işlerini takyk kesgitleýän 18 görkeziji esasynda kesgitlenilýär.
turkmenistan.gov.tm
16.10.2024 ý.