MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖZBEK DILINE TERJIME EDILEN GOŞGULAR ÝYGYNDYSY TANYŞDYRYLDY

     Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegine bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara mynasybetli institutyň baş binasynda türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni gymmatlyklary görkezilýän sergi hem gurnaldy. Iki doganlyk halklaryň gymmatly medeni mirasyny şöhlelendirýän bu sergi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

     Dabaranyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Bahrom Abduhalimow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Gaýrat Majidow, Mirzo-ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow, Alişer Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory Bahodir Karimow, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili we edebiýaty halk döredijiligi institutynyň ylmy işgäri Ergaş Oçilow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Oguloraz Eýeberdiýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

 

atavatan-turkmenistan

16.10.2024ý.