DUTARA DIL BITIREN HALYPA

     Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde  Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Magtymguly adynaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň işjeň agzalary hem höwesli gatnaşdylar.

     «Dutara dil bitiren halypa» atly dabarada  ussat halypa sazanda Jepbar Hansähedowyň ömri we döredijiligi, döreden şirin sazlary, türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşant goşandy dogrusynda  gürrüň edildi.

     Ajaýyp mukamlary saz älemine getirip, diňleýjilerine ruhy lezzet bermegi, teşne kalplary şirin mukamlary bilen gandyrmagy başaran ussat sazandanyň döredijilik örüsini giňdigi hakda aýdylanlar uly dykgat bilen diňlenildi. Dabaranyň dowamynda mukamçy sazandanyň döreden aýdymlardyr sazlarynyň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.

 

Aýnagözel NURYÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar