ŞATLYGA BESLENEN DABARA

     Türkmen alabaýynyň baýramy Ahal welaýatynda aýratyn ruhubelentlikde bellenip geçildi. Şanly sene mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy.

     Baýramçylyk öwüşgininde owadan bezelen sahnada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary giň gerim aldy. Sungat çykyşlarynda halkymyzyň wepaly dosty we syrdaşy alabaýlarymyzyň waspy uly joşgun bilen ýetirildi.

     Şatlyga beslenen baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar täze taryhy döwrümizde milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak babatda edýän taýsyz  tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar