ÝYLYŇ TÜRKMEN EDERMEN ALABAÝY

     Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»  atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna birinji tapgyrda öňe saýlanan türkmen alabaýlarynyň 20-si gatnaşdy.

     Bilşimiz ýaly,  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki şanly günlerinde bagtyýar halkymyz Türkmen alabaýynyň baýramyny uludan bellemegiň bosagasynda dur. Hormatly Prezidentimiz mundan sanlyja gün ozal  bu sene mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»   atly halkara bäsleşigini hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda degişli bäsleşigi geçirmek boýunça degişli Buýruga gol çekdi. Şonuň bilen baglylykda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»  atly halkara bäsleşik üstünlikli geçirilýär. Munuň şeýledigine bäsleşigiň ikinji tapgyry şaýatlyk etdi.

     «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»  atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyrynda eminler toparynyň agzalary türkmen alabaýlarynyň 10-syna ýokary baha berip,  döwlet tapgyryna gatnaşdyrmaga hukuk  berdiler.

 

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 58 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

18 Noýabr 2024 | 54 okalan

BEÝIK DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY