ŞÄHRYSLAM — TARYHY MEKAN

     Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägi taryhy we täsin künjeklere baýdyr. Şähryslam ýadygärligi hem şeýle ýerleriň biridir. Etrap merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýän bu ýadygärlige gyzyklanma diýseň uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň ýaşlary üçin bu taryhy künjege ýygy-ýygydan syýahatlar guralýar.

     Ýakynda etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan syýahata okuwçy ýaşlardyr ýaş mugallymlar gatnaşdy. Syýahatyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyna salgylanyp, ýaşlara orta asyrlarda gülläp ösen şäheriň galyndysy bolan Şähryslam ýadygärligi barada täsirli gürrüň berildi.

     Orta asyrlarda Täk Ýazyr diýlip atlandyrylan Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaýdan Horezme gidýän ugrunda ýerleşen esasy şäherleriň biri bolupdyr. Onda Oguz hanyň ýigrimi dört agtygynyň biri bolan Ýazyrdan gaýdýan merdana nesiller ýaşapdyr. Şäher medeniýetiniň ösüşiniň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bu taryhy ýadygärlik syýahata gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar