Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda 9-njy noýabrda güneşli Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu asylly çäre Ahal welaýatynda-da ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ýaşlar guramasynyň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdy.
Şol gün Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäginde welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy ir säherden ýaýbaňlandyryldy. Onuň barşynda 10 gektar meýdanda pürli bagyň dört müň düýbi oturdyldy. Ýaşlar ýaş bag nahallaryny oturtmak bilen birlikde, ozaldan ösüp oturan baglaryň idegini ýetirmekde hem öň hatarda bolmaga çalyşdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlary, tans-halk döredijilik toparlary özleriniň ýerine ýetiren milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Dabaranyň geçýän ýerinde dürli baglaryň we bezeg ösümlikleriň sergileriniň guralmagy hem ýakymly täsirleri döretdi.
Annamuhammet GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.