ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENEN TOÝ

     Hasyl toýunyň dabaralary Ahal welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalary ruhubelentlikde gatnaşdylar.Welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabarasy Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda geçirildi. Ol ýerdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Sungat çykyşlarynda ösüş-özgertmelere beslenen beýik döwrümiziň belent waspy öz beýanyny tapdy. Onuň barşynda öňdebaryjy oba zähmetkeşleriniň, hasyl ussatlarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Giň ýaýlada hatara gurnalan türkmeniň alty ganat ak öýleriniň töweregindäki şüweleňler has-da uly gyzyklanma döretdi. Oba hojalygynyň ösüşlerini açyp görkezýän giň göwrümli sergi, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň, nepis el işleriniň, dokma önümleriniň sergisi ol ýere özboluşly many öwüşginini berdi. Milli tagamlaryň taýýarlanmagy we milli sport ýaryşlaryna orun berilmegi toý gününiň dabarasynyň ähmiýetini artdyrdy.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

18 Noýabr 2024 | 44 okalan

BEÝIK DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY