Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda ýaş bilim işgärleriniň hem-de okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda berkarar Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalary dogrusynda çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler täze taryhy döwrümizde ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň türkmen jemgyýetinde ýaşlara uly orun berilýändiginiň, döwletimizde ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň alamatydygyny guwanç bilen nygtadylar. Duşuşyga gatnaşanlar Watanymyzy rowaçly ösüşleriň mekanyna öwren, halkymyzy eşretli günlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulmaral GYLYJOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.