KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

     Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda okuwçy ýaşlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitap — dünýäniň açary» atly maslahat we kitap sergisi geçirildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim babatda görelde mekdebidir» diýen parasatly jümlelerinden ugur alnyp geçirilen maslahata gatnaşyjylar ilki bilen kitap sergisine aýlanyp gördüler. Sergide dürli mazmunly kitaplaryň görkezilmegi we olar hakda täsirli gürrüň berilmegi ýaşlarda ýakymly täsir galdyrdy.

     Çäräniň barşynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaba goýulýan sarpa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti hakda aýdylanlar has-da üns çekiji boldy. Maslahatyň dowamynda bolan özara sowal-jogap alyşmalar çäräniň netijeliligini has-da artdyrdy.

     Maslahatyň çäginde N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy, çagalaryň labyzly goşgy okamagy hemmeleriň kalbyny joşa getirdi. Çärä işjeň gatnaşan okuwçy ýaşlara we körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar