Hormatly Prezidentimiz 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasyny ýokary derejede geçirilmelidigini belläp geçdi.
Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek bilen bagly çözgüt 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilipdi. Bu çözgüt türkmen halkynyň gadymy taryhynyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindediginiň, şeýle-de TÜRKSOÝ bilen medeni hyzmatdaşlygynyň rowaçlanýandygynyň alamaty bolup durýar.
Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza sowgat edilmegi, bu ajaýyp eserde gadymy Änewiň taryhy hem-de şu güni, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun ekerançylyk medeniýeti hakda täsirli söhbet açylmagy biz ýaşlaryň ýurdumyzyň geçmiş taryhyna çuň göz aýlamaga mümkinçilik döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan şanly ýylda geçirilýän maslahatlarda, duşuşyklarda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly gyzykly gürrüňler edilýär. Etrabymyzyň ýaşlary üçin Seýit Jemaleddin ýadygärligine, Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralýan syýahatlar hem uly täsirlere eýe bolýar.
Ýene-de sanlyja günlerden Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy giň gerimde geçiriler. Bu çärelere etrabymyzyň ýaşlary bolup işjeň gatnaşarys. Gadymy Änewiň baý taryhyny öwrenmekde, şöhratly topragyň buýsançly geçmişine nazar aýlamakda ajaýyp mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülälek ORANÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.