BEÝIK DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

     Ýakynda Kaka dokma toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda «Beýik döwrüň bagtyýar ýaşlary» ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi.

     Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilen şertlerdir mümkinçilikler hakda täsirli gürrüň berdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň bagtly we röwşen geljegini ösüp barýan ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlar üçin ähli ugurlarda giň ýollar açylýar. Bu gün ýurdumyzyň ýaşlary özleri üçin döredilýän ajaýyp amatlyklardan ruhlanyp, bilimleri çuňňur özleşdirýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler, Watanymyzyň taryhy ösüşlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalaryna ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar