Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Okuwçy ýaşlar bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri ugrunda durmuşa geçirilýän işler, ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýokary derejede bilim almaklaryny, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak babatdaky tagallalar barada gürrüň edildi. Ýakynda paýtagtymyzda tamamlanan 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşynda türkmen tennisçi ýaşlaryň gazanan ajaýyp üstünligi hakda aýdylanlar has-da uly täsirleri galdyrdy. Duşuşyga gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende göterýän, ýaşlaryň sportda has-da kämilleşmegi ugrunda giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Akmyrat TOÝÇYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.