«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda geljek – 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly söhbetdeşlik geçirildi.

     Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylýan her bir ýylyň döwrebap şygar bilen atlandyrylýandygyny, häzirki günlerde ýurdumyzda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly ildeşlerimiziň tekliplerini öwrenmek boýunça degişli tagallalaryň edilýändigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň täze – 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanmalydygy bilen bagly başlangyjy ildeşlerimizde gyzgyn goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtadylar.

     Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 

Annamuhammet GULOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

EL HÜNÄRI IL GEZER

Meňzeş habarlar